ÖNÜMÇILIK
Önümçiligiň tehnologiki usullary we mümkinçilikleri
Hajathana kagyzynyň we kagyz süpürgiçleriniň önümçilik usuly
Giňligi 1380 mm bolan kagyz esasly tegege saraýjy enjamyň çöşleme bölegine oturdylýar. Esas kagyzy dartgynlygy barlaýan abzalyň içinden geçirilip, enjamyň iş zolagyna çekilýär. Ol ýerde kagyzyň tutuş ýüzüne basma usulynda gözenek görnüşli şekil ýa-da nagyş salynýar. Soňra kagyz perforasiýa bölegine geçirilýär we ol ýerde umumy topdan kagyzyň ýa-da süpürgijiň gerekli bölegini goparyp almagyň aňsatlygy üçin kagyzyň bütin inine ýörite pyçak bilen deň aralyklarda kesik çyzyklar edilýär. Kesikli kagyz saraýjy abzala geçirilýär we ol ýerde gaty kagyz (karton) wtulkasyna oralýar. Saralmaly topuň uzynlygy, şeýle hem önümleriň ölçegleri tehniki resminamalaryň talaplaryna laýyklykda kesgitlenýär we önümçilik işiniň gidişinde barlanýar. Soňra, önümi bellenen ölçege görä keseligine kesmek üçin, top kesiji enjama geçirilýär. Şeýlelikde, ýasalan toplar polietilen gaba salynýar (hajathana kagyzy 4; 8; 32 topdan, süpürgiçler 2; 4; 8 topdan) we gaplama gapdal gyralaryndan jebis ýapylyp (galaýylanyp), taýýar önümler saklanýan ammara ugradylýar. Iki gat önümleri çykarmak üçin esasy kagyz oralan mahaly iki eplenýär ýa-da goşmaça kagyz esasly tegege oturdylýar. Gaplamak, belgilemek, ammarda ýerleşdirmek we saklamak boýunça talaplar TDS 713-2011 laýyklykda bellenilýär.
Çygly gigiýena süpürgiçleriniň önümçilik usuly
Çygly gigiýena süpürgiçleriniň öndürilmegi aşakdaky esasy tapgyrlardan ybarat:
  • Siňdirme erginini taýýarlama;
  • Esasy çig maly (dokama däl materiallary) getirme;
  • Dokama däl materiallary (taýýar önümler üçin bellenen ölçeglere görä) kesme;
  • Dokama däl materiallary siňdirme (siňdirme erginleriniň görnüşleri: bakteriýalara garşy; çyglandyrýan; günden goraýan; ýaldyradýan; parfýumeriýa we beýlekiler);
  • Süpürgiçleri toplumlara örme;
  • Süpürgiçleriň toplumlaryny utgaşdyrylan materiallardan ýasalan we öz özünden ýelmenýän etiketkaly we köp gezek ulanmak üçin plastik gapajykly ulanyş gaplarynda ýerleşdirme;
  • Taýýar önümleri ammarda ýerleşdirme we saklama.
Siňdirme ergini garyjy çeleklerde degişli tertipde tassyklanan taýýarlanyş usulyna laýyklykda taýýarlanýar. Süpürgiçleriň her bir görnüşi üçin düzüminde dürli goşundylar saklanýan siňdirme ergininiň taýýarlanyşynyň aýratyn usuly bar. Siňdirme erginini taýýarlamakda esasy düzüm bölegi hökmünde suw ulanylýar. Ol öňünden süzülýär, ýumşadylýar we bakteriýalar bilen mikroorganizmlerden arassalanýar. Wodorod görkezijisini pH 5,5 çenli azaltmak üçin suwa monogidrirlenen limon turşusy goşulýar. Soňra suwuň gerekli mukdary garyjy çelege guýulýar we oňa taýýarlanyş usulyna görä dürli maddalar goşulýar. Siňdirme ergininiň ähli düzüm bölekleri gowy garylýar, erginiň nusgalary alnyp, onuň degişli görkezijilere laýyklygy barlanýar.
Ýuwujy serişdeleriniň önümçiliginiň tehnologiki prosesiniň beýany
4.1. Onümleri taýýarlamagyň tehnologiki prosesi 6 tapgyrdan ybarat:
  • başlangyç çig maly (reagentleri) taýýarlamak
  • çig maly we ýarym önümleri reaktora dolduryp salmak
  • düzüjileri garyşdyrmak
  • ýuwujy serişdeleriniň kompozisiýasyny taýýarlamak
  • önümleriň PH-gurşawyny, deňdeşligini, şepbeşikiigini, durulygyny we olaryň saýlanyp alnan kada laýyklygyny kesgitlemek
  • taýýar önümleri guýmak, çekip gaplamak we gaplara salmak.
4.2. Poroşok, suwuklyk, reňkleýjiler, eredijiler, konserwantlar görnüşindäki başlangyç çig mal agramy 4-25-30-65-220 kg bolan gaplarda, haltalarda, demir çeleklerde ammara gelip düşýärler.
4.3. Ulanmazdan öň çig mal barlanylýar (daşky görnüşi, agregat ýagdaýy, mukdary), hili olaryň görkezijileri boýunça bariag derňewleri bilen kesgitlenilýär.
4.4. Ýuwujy serişdeleri taýýarlamak boýunça tehnologik kadalara laýyklykda reagentleriň we ýarym önümleriniň hasaplanan, iň amatly mukdary terezide ölçenilýär hem reaktora dolduryp salynýar. Çig mal ýylyň sowuk paslynda taýýarlananda ulanmazdan öň zerur bolanda gyzdyrylýar.
4.5. Ýuwujy serişdeleriniň kompozisiýasynyň taýýarlanylmagy aşakdaky görnüşde arnala aşyrylýar:
• 2500 litrlik reaktora gerek möçberde suw guýýarlar. Soňra alnan düzüjtler bölekleýin dolduryp salynýar hem garyşdyryjy gural işledilýär, garyndy 10-15 minudyň dowamynda garyşdyrylýar.
Deňdeş massa ainandan soň suwuň galan bölegini dolduryp alýarlar. Soňra 30 minudyň dowamynda garyşdyrýarlar, soňra bolsa limon turşulygyny, ys berijini we reňkleýjini goşýarlar.
4.6. Önümleriň gurşawynyň pH (pH-6-7), deňdeşligi, şepbeşikligi, durulygy kesgitlenilýär. Reňki we ysy bolsa saýlanyp alnan kada hem ys berijä laýyk getirýärler.
4.7. Taýýar önümleriniň guýulmagy sorujynyň kömegi bilen amala aşyrylýar, garyndy 6 tonnalyk gaplara sorduryp guýuiýar, soňra serişde sygymiylygy 250, 300, 400, 500, 750, 1000 gr-dan 5 litre çenli bolan PWH gaplara guýulýar.
Gaplar önümleriň adynyň, düzüminiň, ulanyş usulynyň, seresaplylyk çäreleriniň, öndüriji kärhananyň salgysynyň, saklanyş möhletiniň görkezilmegi bilen bir taraplaýyn we iki taraplaýyn öz-özünden ýelmenilýän etiketka bilen üpjün edilýär.
Gaply önümleriň atlary görkezilen ýazgylar bilen üpjün edilen karton gutyiaryna gaplanylýar. Gaplanan önümler ammarda saklanylýar.
Ýuwujy tozuň önümçilik usuly
SALGYLANMALAR
Biz bilen habarlaşyň
+993 63 87 87 87
+993 62 98 95 86
+993 12 57-51-71
+993 12 57-51-72

orazovmona@mail.ru

Türkmenistan, Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň Bereketli köçesiniň 3-nji jaýy