KOMPANIÝA BARADA
Wezipe, maksatlar, mümkinçilikler
Kompaniýanyň wezipesi
Hormatly Prezidetimiz tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda, häzirki zaman halkara tejribelerini we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli önümçilikleri döretmäge uly ähmiýet berilýär we durmuş-ykdysady strategiýasynyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek we olaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlar kesgitlenilýär, senagat, gündelik sarp edilýän we azyk önümlerini ýerli önümçilikler bilen çalyşmaga giň orun berilýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 8-nji maýynda çykaran 14242 belgili karary bilen Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.

Şol Maksatnamanyň çäklerinde häzirki wagtda ýurduň daşyndan getirilýän çig mallary we materiallary ýerli önümler bilen çalyşmak, magdan däl materiallaryň önümçiliklerini giň gerimlerde ýola goýmak, gury gurluşyk garyndylarynyň, gipsiň we ondan öndürilýän dürli görnüşli önümleriň önümçiliklerini guramak, ýol gurluşygy üçin geodüşekleri, polietilen turbalary, keramiki kerpiji we emeli mermer plitalary, boýag, mebel önümlerini, dokma önümlerini, sintetiki halylary, ýuwujy serişdeleri öndürmek boýunça kärhanalary gurmak meýilleşdirildi.
Kompaniýanyň maksatlary
Telekeçi M.Orazow hem, Beýik Arkadagymyzyň bu ugurlarda alyp barýan işlerine öz goşandyny goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen baglaşylan 19.05.2017-nji ýylyň 71/4 belgili maýa goýum şertnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynyň 158-nji ýer böleginde (Bereketli köçesi, jaý 3) köp maksatly önümçilik işlerini amala aşyryp başlady.
Kompaniýanyň mümkinçilikleri
Telekeçi M.Orazowyň tabynlygynda işleýän agzybir zähmetkeş işgärler köpçüligi tarapyndan şu aşakdaky görnüşleri boýunça dünýä belli kärhanalary tarapyndan öndürilýän durmuşda ulanylýan ýuwujy serişdeleri bilen bir hatarda durýan we dünýä standartlaryna laýyk gelýän "MONA" söwda belgili dürli serişdeleri öndürilýär ýagny:
  • Çygly we gury el süpürgiçleri;
  • Hajathana kagyzy;
  • Suwuk sabynlar;
  • Gap-gaç ýuwujy serişdeler;
  • Şampunlar;
  • Duş gelleri;
  • Egin-eşik ýuwulýan tozy;
  • Egin-eşik ýuwulýan suwuk serişde;
  • Geýim ýumşadyjylar;
  • Aýna arassalaýjy serişde;
  • Ýakymly ys berijiler;
  • Arak sabynlary;
  • Hojalyk sabyny.
Telekeçi M.Orazowyň dünýä standartlaryna laýyk gelýän "MONA" söwda belgili öndürilýän serişdeler bilen daşarky bazaryň alyjylarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga we bu önümler bilen ýurdumyzyň içerki sarp edijileri üpjün etmäge, şeýle hem bu önümleriň daşary ýurtlara edilýän eksportynyň möçberleriniň has-da artdyrylmagyna mümkinçilikleri bar.
SALGYLANMALAR
Biz bilen habarlaşyň
+993 63 87 87 87
+993 62 98 95 86
+993 12 57-51-71
+993 12 57-51-72

orazovmona@mail.ru

Türkmenistan, Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň Bereketli köçesiniň 3-nji jaýy